Doganlaryň täze ýeňişleri

5 Iýul 2024
189

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň türgeni, Polisiýanyň maýory Şöhrat Orazgeldiýewiň golaýda Türkiýäniň Mersin şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça Dünýä kubogynda gazanan ajaýyp netijesi yhlas bilen çekilen zähmetiň öňde goýlan maksada ýetmegiň baş şertini emele getirýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Çünki bu ýaryşda altyn medallary gazanmagy maksat edinen Şöhrat şu ýylyň ilkinji günlerinden irginsiz türgenleşikleri köpugurly taýýarlyk işleri bilen utgaşdyrdy. Ýeri gelende bellesek, diýseň agyr şertleriň birnäçesini özünde jemleýän döwrebap sport görnüşi örän ýokary fiziki taýýarlygy, agyrdyjy, bogujy hem-de zyňyş emellerinden ýokary derejede baş çykarmagy, ykjam urgulary geçirmek başarnygyny talap edýär. Çünki sportuň bu görnüşi ylgamak, päsgelçiliklerden geçmek, nyşana atmak, pyçak zyňmak hem-de tutluşmak ýaly diýseň agyr talaplary özünde jemleýär. Ildeşimiz Şöhrat Orazgeldiýew hem öz zähmet çekýän ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde bu jogäpkärli hem möhüm synaga ykjam taýýarlyk gördi. Türgenleşikleriniň belli bir tapgyryny Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkezinde geçen zehinli türgen öz tälimçisi hem agasy Orazgeldi Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda has-da taplandy. Daglarda, baýyrlarda geçýän taýýarlyk işlerini suw howuzlarynda ýüzmek bilen utgaşdyrmagy türgeniň fiziki taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etdi. Türgene ykjam türgenleşmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. 30-dan gowrak döwletden 350 türgeni jemlän ýaryşa 55 kilogram agram derejesinde çykan türkmen ýigidi uniwersal söweşiň ýörite maksatly toparlaryň wekilleriniň arasyndaky bäsleşiginde-de, professional türgenleriň ýaryşynda hem garşydaşlarynyň ählisinden rüstem çykdy. Has takygy, ol sportuň bu görnüşiniň «light» ugrundan hem, nusgawy usulyndan-da altyn medallara eýe boldy. Bu ýaryşda Şöhradyň agasy hem tälimçisi Orazgeldi Orazgeldiýew (80 kg) görnüşleriň ikisinden hem bürünç medallara eýe çykdy.

* * *

Amanmyrat Myradow,
žurnalist.