Kämilligiň ýoly saglykdan başlanýar

3 Iýul 2024
221

Adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlyklaryň biri hem saglyk bolsa gerek. Gadymy grek akyldary Sokrat: «Saglyk — ähli zat diýmek däl. Emma saglyk bolmasa ähli zat hiç zatdyr» diýip belleýär. Şundan ugur alynsa adam ömrüniň ähli lezzeti, şatlyk-şowhuny saglygy bilen berk baglanyşyklydyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň beden, akyl we ruhy taýdan sagdyn bolýandygy ylmy esasda subut edilendir.

Saglyk we sport — bu aýrylmaz bitewi düşünjelerdir. Sebäbi sport bilen dowamly meşgullanmak ynsana saglyk we bagtyýarlyk eçilýär. Şunuň bilen birlikde, ynsanda tutanýerlilik, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler kemala gelýär, döredijilik höwesi artýar. Şu nukdaýnazardan, ynsanlaryň, hususan-da, ýaş nesilleriň durmuşynda sportuň bimöçber ähmiýetiniň bardygyny ikirjiňlenmän aýtmak bolar.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».