«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toplumlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem-de sanly wirtual dünýäde bäsleşýärler. Fijital sport beden taýýarlygyny talap edýän hereketli, adaty sport oýny bilen kibersportuň, ylmyň we tehnologiýanyň utgaşygyndan dörän täze sport görnüşidir. Munda türgen hem wirtual dünýäde kompýuterde ýokary netije görkezmeli, hem-de sport meýdançasynda özüni synamaly.