«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketliligiň ähmiýeti uludyr. Fiziki işjeň hereketde bolmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň esasy şertleriniň biridir. Bu bolsa pyýada ýöremek ýa-da welosiped sürmek, maşklary ýerine ýetirmek bolup durýar. Başgaça aýdylanda, her gün 30 minut çemesi ýörite maksatly aram hereket etmeli. Bu zerur bolan ýörite maksatly hereketli iş, öýden işe pyýada ýa-da welosipedli gatnamak arkaly ýerine ýetirip bilner. Pyýada gezelenç etmegiň ortaça uzaklygy 1,5-2,8 kilometre golaý bolmalydyr. Muňa bolsa, adatça, 15-20 minut wagt harçlanýar. Welosipedli gezelenç etmegiň ortaça uzaklygy 3,5-4,8 kilometr bolup, muňa ortaça 10-15 minut gerek bolýar. Bu gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr. Aýaklaryň pyýada hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşynyň tizleşmegine, gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Sportuň bu görnüşi göz üçin hem peýdalydyr.