Arzuwlary hasyl edýär bu şäher

26 Iýun 2024
261

Ulumy ýa kiçi parhy ýok, täze zady synlamak adama başgaça lezzet berýär. Ýöne giden meýdana ýaýylyp ýatan täze şäheri synlasaň, has hem üýtgeşik duýgulary başdan geçirýän ekeniň. Golaýda Arkadag şäherine gezelenç etdim. Giň ýollar, mermer binalar, dünýä binagärliginiň iň täzeçil, kämil çözgütleriniň milli bezegler bilen utgaşdyrylmagy netijesinde dörän owadanlyk... Dogrusy, dünýä täzeden inen ýaly boldum.

Biz — nähili bagtly ýaşlar! Nesibämizde diňe özümize degişli kiçijik täze (ulag, telefon, eşik we ş.m.) zatlary däl, eýsem, ägirt uly täze şäheri synlamak bagty bar eken. Özi-de ol şäher hut biziň üçin bina edilen. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Arkadag şäheri — ýaşlar şäheri» diýmeginiň aňyrsynda bu şäheriň türkmen ýaşlaryna bagt paýlaýan mekandygyny şöhlelendirýän hoşniýetli arzuwlar jemlenýär. Dünýäde öz ýaşlaryna şeýle uly serpaý ýapyp bilýän, tutuş bir şäher gurup berýän başga döwlet barmyka?! Jogaby nagt, ýokdur!

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».