Şanly toýuň joşguny

26 Iýun 2024
234

Ýokary depginde ösýän berkarar Watanymyzda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenmegi hem munuň şeýlediginiň subutnamasydyr.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baý many-mazmunly çärelere utgaşmagy ildeşlerimiziň ýüreklerini heýjana getirýär. Şu günler ajaýyp senäniň çäginde Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň ýaýbaňlandyrylmagy has-da guwandyryjydyr. Milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlygyny alamatlandyrýan bu çäre baýramçylyk dabaralarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.