Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2024-2025-nji okuw ýylynda IV möwsüminiň başlanýanlygyny mälim edýäris.Bu möwsümde okuwçylar ýazmaça görnüşinde 100 sany test soraglaryna jogap bermek esasynda saýlanylar. Test sowallary orta mekdepleriň 9-11-nji synplarynyň Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden bolar. Şeýle hem okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar.“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň II ongünlüginde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 10-11-12-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli möhletde şu e-mail salga ibermeli: parahatchylygynchaparlary@gmail.com
Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly:
1.Şahsy maglumatlary (Ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep formasynda resminama üçin düşülen 3x4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen);
2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri;
3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri;
4.Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we.ş.m.