Işewürlik. Ynanyşmak. Netijelilik

14 Iýun 2024
361

Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak arkaly dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda abraýly kompaniýalar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirýär. Muny 11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşlarymyz bolan meşhur iri kompaniýalaryň ençemesiniň ýolbaşçylaryny kabul etmegi aýdyňlygy bilen subut edýär.

Hormatly Arkadagymyzyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen bolan duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi nygtaldy. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

«Nesil».