Durnukly ykdysady ösüşler

12 Iýun 2024
237

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki hasabatlar hem ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar.

Şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygyny görkezýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň ýüpekçileri pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen gutlady. Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmegiň oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna-da badalga berildi. Şu ýyl türkmen gallaçylary 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

«Esger».