Ähli zady bilmek zerurmy?!

12 Iýun 2024
284

Durmuşda bilmek we bilmezlik diýen düşünjeler bar. Bularyň ikisem öz durmuşymyzda şöhlelendirişimize bagly. Biz gadymyýetden gaýdýan ylym-bilimleri alym-ulamalardan öwrenip gelýäris. Şol beýik akyldarlar hem ähli zady bilmändirler we bilmegiň asla mümkin däldigini belläp geçipdirler. Dogrudanam, ähli zady bilmek mümkin dälmi ýa-da ähli zady bilmek üçin zerurlyk ýokmuka?!

Daş-töweregimizi synlasak, her kim bir zada meşgul. Zerurlyk düşmedik ýagdaýynda täze bir hünär hakda oýlanmaýarys. Her birimiziň çagalyk arzuwlarymyz bolandyr, emma şol arzuwlara ýetmek üçin öňümizde maksat goýup, hereket etdikmikäk?! Gizlemegiň manysy ýok, sebäbi biziň köpimiz çagalyk arzuwlarymyzdan uzaga düşendiris. Elbetde, bu zatlar nesibe işidir welin, özümize bagly ýerleri hem bolman duran däldir. Diýmek, käte zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda öwrenmekden daşda durýarys. Sebäbi nämedir bir tema boýunça mesele dörese, ony nireden tapyp biljekgimizi bilmelidiris. Bu barada meşhur «Ford» awtomobil kompaniýasynyň döredijisi Genri Forduň metbugat sahypalarynyň birinde çykan jümlesi ýadyma düşdi. Ýandepderçämi açyp, G.Ford diýen ýazgynyň ýokarsyndaky şu sözlemi okadym: «Hemme zady bilmegiň zerurlygy ýok, ýöne sen özüňe nämäniň gerekdigini, ony nireden we nädip tapmalydygyny bilmelisiň».

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».