Ynsan ömrüniň halasgäri

10 Iýun 2024
343

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzda donorçylygyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Muny «Donorçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi hem doly tassyklaýar.

Döwletimizde gan donorlary uly jogapkärçilik bilen saýlanyp alynýar. Ilkinji nobatda, merkeziň kliniki anyklaýyş bölüminde tabşyrylýan gan giňişleýin barlanylýar, onuň düzümi täzeden işlenilýär.

Baýramgül ANNAGURBANOWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň guramaçylykusulyýet bölüminiň müdiri.