Zeminiň çar künjeginde giň gerim aldy
Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýyl ýedinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisi hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açyp görkezýän halkara baýrama öwrüldi. Şunda bu şanly senäniň ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolup, oňa bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň mazmunynyň ýyl-ýyldan has-da baýlaşdyrylýandygynyň şaýady bolýarys. Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary-da welosipedli ýörişleri, dürli çäreleri guramak bilen, Ýer ýüzüniň çar künjeginde ekologik taýdan arassa bu ulagyň muşdaklaryny bir ýere jemlediler.