Parahatçylyk, dost-doganlyk, ruhubelentlik

29 Maý 2024
280

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Türkmenistan Watanymyz, şonuň bilen birlikde gözel paýtagtymyz Aşgabat, sözüň doly manysynda, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dost-doganlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri ýurdumyzda geçirilen halkara çäreler munuň şeýledigini aýdyň subut edýär.

Ykdysadyýet bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky ýakyn özara gatnaşyklar GDA-nyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup, bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Sport ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň höweslendirilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde bedenterbiýäniň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda mynasyp bolan köp sanly medallary, şol sanda 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda gazanylan kümüş medal döredilýän mümkinçilikleriň miwesidir.

«Esger».