Akyldaryň şygyrlary — terbiýeçilik mekdebi

29 Maý 2024
461

Häzirki döwürde türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ynsanperwer, arassa ahlakly bolup ýetişmekleri üçin beýik başlangyçlar öňe sürülýär. Bu bolsa nesil terbiýesini ähli zatdan ileri tutan pederlerimiziň pentlerine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda asylly däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini delillendirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan Magtymguly Pyragynyň dana sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde beýik akyldaryň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, halk bitewüliginiň, parahatçylygyň hem agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar.

Aganazar SAPAROW,
kapitan.