Bagtyýarlygyň gül-gunçalary

29 Maý 2024
485

Şu günler paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Bu senäniň milli senenamamyzda bellenip geçilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Bu wajyp resminamany tassyklap, ýurdumyz öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär.

Döwlet syýasatynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary we jemgyýetimiziň oňyn garaýyşlary, paýhasly durmuş tejribeleri öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Körpe nesliň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň bölüm müdiri.