Mukaddesliklere sarpa goýup

29 Maý 2024
226

Ýakynda maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde ýaş esgerler bilen medeni-dynç alşy talabalaýyk guramak maksady bilen, etrapdaky merkezi kitaphana hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençler guraldy. Gezelenjiň dowamynda kitaphananyň hünärmeni Gülşirin Meredowa ýaş esgerlere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem-de akyldar şahyrymyzyň il-ýurt, Watan, agzybirlik baradaky şygyrlary esasynda giňişleýin gürrüň berdi. Soňra gezelenç Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Ýaş watançy harby gullukçylara muzeýiň ylmy işgäri Maksat Işantaýewiň ol ýerde saklanylýan gymmatlyklar hakynda beren giňişleýin maglumatlary merdana Watan goragçylarynda uly täsir galdyrdy.

Gülälek TAGANOWA,
maýor.

Bahar AŞYROWA,
uly leýtenant.