Döwrümiziň oňyn özgertmeleri

29 Maý 2024
455

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylyp, döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu günki günde ylmyň täze gazananlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösmegini üpjün edip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim ulgamynda ýetilýän täze sepgitler bolsa, halkymyzyň medeni derejesini we maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak bu günki günde ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda bilim ulgamy ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaş nesiller hem okuwlaryna juda yhlasly çemeleşýär. Soňky ýyllarda halkara ders, ylmy, döredijilik hem sungat bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýän talyp ýaşlaryňdyr mekdep okuwçylarynyň sany-da artýar. Şeýle halkara bäsleşikleriň birnäçesiniň ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan gurnalýandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Arzygül BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.