Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy döwrebap ýarym tirkeglerde ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär

29 Maý 2024
339

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy müşderileriň ygtybarly we netijeli ulag hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen häzirki «Kamaz 5490» we «NefAZ-93341» kysymly döwrebap ýarym tirkeg awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.

«Kamaz 5490» dürli görnüşli ýükleri daşamak üçin niýetlenen köpugurly ulag serişdesidir. Ol Russiýada 2013-nji ýyldan bäri öndürilýär. Agramy 7900 kg we iň ýokary tizligi sagatda 110 km bolan bu ýarym tirkeg awtoulagy ýokary daşaýjylyk mümkinçiligine eýedir we daşalýan wagtynda ýükleriň ygtybarlylygy üpjün edýär. Onuň tehniki aýratynlyklary ýükleriň durnukly we ygtybarly eltilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ony ýokary hile we netijelilige ähmiýet berýän müşderiler üçin iň amatly ulag edýär.