Türkmenistan we Gyrgyzystan özara ýük ibermek işini giňeltmegiň wajypdygyny bellediler

27 Maý 2024
447

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Akylbek Žaparow özara ýük ibermek işini mundan beýläk-de artdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny belledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň habar bermegine görä , GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy şeýle hem üçünji ýurduň bazarlaryna bilelikde çykmak üçin mümkinçilikleri gözlemegi teklip etdi.