«Mançester Siti» – Angliýada yzly-yzyna 4 gezek çempion bolan ilkinji topar

24 Maý 2024
339

Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» ýe­ne-de soň­ky tap­gyr­da kes­git­le­nen çem­pi­on­ly­gy bu ge­ze­gem «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­daş­la­ry­na al­dyr­ma­dy. Ozal şeý­le sta­tis­ti­ka­ny 4 ge­zek baş­dan ge­çi­ren «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «West Ha­my» Fo­de­niň (2) hem-de Rod­ri­niň gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Gar­şy­da­şy­nyň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Ar­se­na­la» 89 utuk çem­pi­on­lyk üçin ýet­me­di. Şeý­le­lik­de, «Man­çes­ter Si­ti» Ang­li­ýa­nyň 135 ýyl­lyk ýo­ka­ry li­ga­syn­da yz­ly-yzy­na 4 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji to­par bol­dy. Bu «Man­çes­ter Si­ti­niň» soň­ky 7 ýyl­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 10-njy çem­pi­on­ly­gy­dyr. «Man­çes­ter Si­ti» bu ugur­da 9 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Ewer­ton­dan» öňe geç­di. «Man­çes­ter Si­ti­den» öň­de «Ar­se­nal» (13), «Li­wer­pul» (19) hem-de «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» (20) to­par­la­ry bar. To­pa­ryň tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la şä­her­li­ler­dä­ki 17-nji ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, APL-de 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di.

Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» 760 oýun­da 1246 gol ge­çi­ri­lip (or­ta­ça 3,28 gol), iň köp gol ge­çi­ri­len möw­süm hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «Lu­ton Tawn», «Börn­li» hem-de li­ga­nyň ta­ry­hyn­da bir möw­süm­de iň köp gol ge­çir­den to­par hök­mün­de ta­ry­ha gi­ren «Şef­fild Ýu­naý­ted» aşa­ky li­ga dü­şen to­par­lar bol­dy. Ola­ryň üçü­si hem ge­çen to­mus­da «Pre­mi­er Li­ga» çy­kyp­dy­lar we bir möw­süm­den soň aşa­ky li­ga düş­dü­ler. APL-de şeý­le wa­ka 2-nji ge­zek ha­sa­ba al­nyp, «Barnsli», «Bolton»,