Il-ýurt bähbitli buýsandyryjy ädimler

22 Maý 2024
323

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desga işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan şeýle desgalaryň eýýäm ikinjisiniň ulanmaga berilmegi, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň buýsandyryjy netijeleridir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi, esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär. Düýnki açylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desga hem bu ugurdaky ýene bir möhüm ädimdir.

Eziz Diýarymyzyň suwy rejeli we netijeli peýdalanmakda baý tejribesi bar. «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen beýik pähime eýerýän halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Häzirki döwürde bu parasat suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny, ekologik taýdan arassa suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Şol sanda bu pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna-da uly ähmiýet berilýär.

«Esger».