Danany gören daglar

15 Maý 2024
217

Zehin — ylahydan gönderilen peşgeş. Ol her kesiň paýyna düşýär. Käbirleri ony taplap, il-gün üçin nepi deger derejede kämillige ýetirýär. Kämillige ýeten zehiniň eýesi bolsa danadyr. Onuň zehininiň derejesi ummasyz beýiklige deňelýär. Bu barada çeper edebiýatda «dag» meňzetmesiniň ulanylýandygy görnetin hakykat.

Ynsan hemişe gözelligiň teşnesi. Ol gözel zatlara bendi bolýar. Gözelligi bolsa, elbetde, tebigat döredýär. Ähli gözelligi onuň özi pasyllary bilen bütin ynsanyýete üleşip dur. Birinji bilen-ä, gözelligi görmek hem duýmak gerek. Ana, şonda ynsan bu barlygyň gadyryna ýetýär. Ikinjidenem, zehinli ynsanlar öz eserleri bilen ol gözellikleri özboluşly taryp edýär. Has dogrusy, her kimiň öz düşünjesidir garaýşy bolşy ýaly, her kimsäniň gözelligi beýan edişi-de üýtgeşikdir. Tebigaty özleriniň beýikligidir gözelligi bilen ajaýyplyga öwürýän daglaryň ykbaly hem her kime gyzykly bolsa gerek.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».