Ýeňişleriňiz dowamly bolsun, pälwanlar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Jemgyýetçilik guramalary Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, bellemek bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işlerine örän ýokary baha berýär. Bu bolsa sporta, ylma, çeper döredijilige ukyply, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we olary höweslendirmekde anyk wezipeleri öňümizde goýýar.