Arkadagly ýaşlaryň şowly çykyşy

10 Maý 2024
444

Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmek we güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli guralyp gelinýär. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada şeýle bäsleşikleriň esasylarynyň biridir.

Nobatdaky XIII Spartakiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşikler örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp bolup, ussatlyk görkezmegi başardylar.

Begmyrat BAÝDURDYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň usulyýetçisi.