Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzdan ugur alyp, ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanýan ýurt we halkara derejelerdäki üstünlikleriniň dowamlylygyny gazanmak üçin bimöçber işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaş türgenler iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar, ata Watanymyzyň ýaşyl tuguny asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta barha höweslenýändigini, olaryň sporta bolan höwesiniň barha artýandygyny görkezýär.
Paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilendigini, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasynyň geçirilendigini bellemek aýratyn guwandyryjydyr. Dogrudan-da, ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş we atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.