Ýaryş güýçli toparlary saýlady

10 Maý 2024
634

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Biz Oguzhan nesli” ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçy gyzlardan düzülen toparlary gatnaşdy.

Ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda ähmiýetli bolan nobatdaky woleýbol ýaryşyna gyzyklanma uly boldy. Ýaş gyzlar öz aralarynda çekeleşikli oýunlary alyp bardylar. Ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, etrapdaky 10-njy orta mekdebiň topary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.

Nurýagdy TEMRIÝEW,
Sarahs etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.