Il-ýurt bähbitli işler

8 Maý 2024
273

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň geçen dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy bellenildi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Düýn — 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralary boldy. Täze açylan sement zawodynda ýerine ýetirilen inženerçilik işleriň we oturdylan enjamlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýan daşary ýurt güwänamasy hem gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol maksatnamalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň martynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eýýäm ikinji sement zawody işe girizildi. Bu taryhy wakalar şanly ýylymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Serdar MYRADOW,
«ESGER».