Bagtyýarlyk döwrüniň enesi

8 Maý 2024
283

Ýaşlarymyza ýurdumyzyň ýagty geljegi ynanylýar. Bu babatda bolsa ýaşlarymyza ýaşulularymyzyň maslahaty gerek. Bu günki günlerde hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çärelerde çykyş edýän paýhasly gojalarymyz, ak gyňaçly enelerimiz ýaş nesillerimize öz bagtly günleriniň gadyryny bilmegi, şeýle ajaýyp döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy nesihat edýär. Biz hem şeýle mähribanlarymyzyň biri, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Boroşly obasynyň ýaşaýjysy, «1941 — 1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygyna», «1941 — 1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň eýesi, bagtyýarlyk döwrüniň enesi Akja DURDYÝEWA bilen gürrüňdeş bolduk:

— Uruş başlan ýyllary ýaşlyk uçurlarymyza gabat geldi. Galagoply günleriň pajygasy obamyzyň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli bar kişini külpetli ýatlamalaryň goýnuna atardy. Erkek kişileriň köpüsi Beýik Watançylyk urşuna meýletinlik bilen gitdi. Obada galan zenan maşgalalar hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Bir döwüm çörege zar bolup, gözýaş döken çagalaryň ahy-nalasy henizem göz öňümden gidenok.

Gürrüňi ýazga geçiren Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».