Halkara giňişlikde

4 Maý 2024
438

Türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary B.Akçapar bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iň ýokary hem-de ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orna eýedigini belläp, taraplar Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Energetika we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine-de garaldy.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».