Türkmenistanyň telekeçileri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 7-10-njy maýda Tähranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
ECOTEX Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň pudak öňdebaryjylaryny we bilermenlerini bir ýere jemlemek bilen iň täze tehnologiýalary tanyşdyrmak üçin meýdança bolup durýar.