Netijeli ideg — bol hasylyň şerti

1 Maý 2024
688

Ýüpekçi alymlaryň dürli döwürlerde geçiren ylmy barlaglarynyň netijelerinden hem-de önümçilikden mälim bolşy ýaly, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynyň taýýarlanylyşy, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişi ýokary hilli pile almakda zerur şertleriň hatarynda durýar. Ýokary önümli tohumdan bolan ýüpek gurçuklary göwnejaý idegi talap edýär. Şundan ozal, gurçukhanalar üçin diňe düýpli gurlan ýyly jaýlary saýlap alyp, gurçuk idetmek babatda enjamlaşdyrylan zerur ýylylyk we çyglylyk şertlerini döretmek mümkinçiliginden ugur almak gerek.

Biologik gurluş aýratynlyklaryna baglylykda, ýüpek gurçuklary her ýaşynyň aralygynda daşky beden örtügini çalyşýarlar. Bu bolsa olaryň ýaşyny kesgitlemekde ähmiýetlidir. Gurçuklar ilkinji üç ýaşynda uly bolmadyk meýdany eýeleýärler hem-de ýapragy az iýýärler. Uly ýaşly gurçuklara garanyňda, olara has ýokary derejede ýylylyk gerek bolýar. Şonuň üçin-de, kiçi ýaşly gurçuklar ýyladylýan jaýlarda iýmitlendirilýär. Kadasyz şertler kiçi ýaşly gurçuklaryň ösmegine ýaramaz täsir edip, olaryň ýaşamaga ukyplylygyny peseldýär. Gowy iýmitlendirmek bolsa bu döwrüň dowamlylygyny azaldyp, olaryň ukyplylygyny artdyrýar, pile saramaklaryna, piläniň agramynyň kada laýyk bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Kiçi ýaşly gurçuklar ýaş ýapraklar bilen iýmitlendirilip, her 2-3 sagatdan iýmit berilýär. Olar 65 — 75 göterim çyglylykda saklanyp, otagyň ýylylygy 25-26 gradus derejede bolmaly.

Myratberdi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.