Futbol ýaryşy

30 Aprel 2024
303

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda «Altyn top» atly futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän tagallalardan ugur alnyp, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, futbol boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.