Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan häzirki döwürde hem howa, awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly aragatnaşygy üpjün edýän iri merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň geostrategik ýerleşişi ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamyny ösdürmäge giň ýollary açýar. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we logistika ugry boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşyp, netijeli teklipler bilen çykyş edýär.
Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar sebitiniň ulag logistikasy — 2024» atly III halkara forumy şeýle çärelere mysal hökmünde görkezmek bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.