Çekeleşikli geçen ýaryş

29 Aprel 2024
379

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Altyn top” atly futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndaky bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.

Ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 36-njy orta mekdebiň topary birinji, 31-nji orta mekdebiň topary ikinji, 37-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.