Türkmen işewürleri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji Tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine (ECOTEX) gatnaşmaga çagyrylýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji ECOTEX sergisi 2024-nji ýylyň 7-10-njy maýynda Tähran şäherinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sişenbe güni habar berdi.