Asman atlarynyň muşdagy

29 Aprel 2024
313

Güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen çärelere dünýäniň dürli künjeklerinden myhmanlar, atşynaslar gatnaşdylar. Biz hem Germaniýa Federatiw Respublikasyndan behişdi bedewlerimize bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga gelen, öz ýurdunda uzak ýyllaryň dowamynda arassa ganly ahalteke bedewlerini wagyz etmek bilen meşgullanýan, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

— Hanym Katarina Ýakob, söhbedimize ahalteke bedewleri bilen ilkinji gyzyklanmalaryňyz baradaky gürrüňlerden başlaýsak!

Söhbetdeş bolan Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».