Türkmenistanyň BSG-ä agzalygy bilen bagly mejlis geçirildi

28 Aprel 2024
403

26-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek maksady bilen, Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan düzülen toparyň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde türkmen tarapy bilen Guramanyň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň ähmiýeti dogrusynda nygtadylar. Gatnaşyjylar bu babatda 2023-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerini gözden geçirdiler hem-de 2024-nji ýyl üçin gün tertibini kesgitlediler. Şeýle-de Hökümet toparynyň agzalary hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşyr ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.