Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy

28 Aprel 2024
442

23-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy. Muzeýiň açylyşyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň ýolbaşçysy we wekilleri, sebitiň degişli düzümleriniň wekilleri hem-de orta mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapy täze muzeýe gymmatly suratlary we şaý-sepleri gowşurdy. Türkmen medeniýetini açyp görkezýän muzeýde milli eşikler, bezegler we döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahandaky konsullygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi hem-de onuň çäklerinde sergi guraldy.

Jennet JUMAKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.