Finlýandiýanyň «Nokia» kompaniýasy Özbegistanyň «Perfectum Mobile» kompaniýasy bilen Merkezi Aziýada ilkinji awtonom 5G toruny işe girizmek boýunça şertnama baglaşdylar. Bu sebitiň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolar.
Ylalaşyga laýyklykda, «Nokia» «Perfectum Mobile» üçin özbaşdak 5G çözgüdiň ýeke-täk üpjünçisi hökmünde çykyş eder. 5G ulgamyny 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Daşkentde täjirçilik taýdan işe girizmek meýilleşdirilýär.