Oba hojalygynyň batly gadamlary

26 Aprel 2024
384

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen ýurdumyzda oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegi, ýerden netijeli peýdalanylyp, ekinlerden bol hasyl alynmagy, şeýlelikde, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, täze düzümleriň — Türkmenistanyň Azyk senagaty, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, «Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşikleriniň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsi boldy.

Täze kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewür gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilen. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde giňişleýin gürrüň edilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ýeňiş NURGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.