Bol hasyl ugrunda

23 Aprel 2024
405

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde zähmetsöýer babadaýhanlar bereketli topraga gowaça tohumyny sepip, sogaply işe girişdiler. Edermen pagtaçylar şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 1 müň gektar ýerde gowaça ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2-si döredilip, olarda sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary sazlaşykly işledilýär. Gyzgalaňly dowam edýän gowaça ekişinde mehanizatorlardan Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew göreldeli zähmet çekip, has-da tapawutlanýarlar.

Şu ýyl welaýat boýunça gowaça ekişine hut şu daýhan birleşiginden başlanmagy hem ýöne ýerden däl. Çünki Aşyk Aýdyň piriň gadamy düşen bereketli meýdanlar daýhanlaryň yhlasyny myrada öwürýän sahawatly ýerlerdir.

Döwletgeldi SAPAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri.