Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

23 Aprel 2024
458

Wirtual hakykatyň täsiri
Alymlaryň pikiriçe, geljekki fermerlerdir daýhanlar ösümlikler baradaky ähli maglumatlary almak üçin AR-äýnegini dakynaýmaly bolar. Bu pikiri Plant Vision startapyny esaslandyryjy Raýan Huks durmuşa geçirmäge çalyşýar. Onuň aýtmagyna görä, bu äýnege ýerleşdirilen emeli aň – intellekt infragyzyl reňkli kameranyň hem-de datçikleriň kömegi bilen daýhana ekinleriň ösüşi, olaryň suwa ýa-da dökünlere mätäçligi barada habar berýär. Bu bolsa daýhanyň indiki etmeli işlerini ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda bu taslama Niderlandiýanyň Wageningen uniwersitetinde synagdan geçirilýär.

Äýnekli sygyrlar
Wirtual hakykatyň, hakykatdan hem, fermerlere nepi degip başlady. Türkiýeli fermer Izzet Kojak öz fermasyndaky sygyrlaryň gözleri üşemez ýaly hem-de daşarynyň sowugyndan gorkmaz ýaly, olara VR äýneklerini dakdy. Äýnek dakynan sygyrlar daşarda bakylýan öri meýdanlarynda ýaz günleri dowam edýändir öýdüp, dartgynlylygyny gowşatdylar we arkaýyn otladylar. Netijede, sygyrlaryň süýt berijiligi 22 göterim artdy.