Baýramçylyk şatlygy

22 Aprel 2024
369

Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda «A» toparçada çykyş eden Türkmenistanyň 8 gezek çempiony «Galkan» toparynyň finalda gazanan üstünligi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Bu iri sport baýramyna 14-nji aprelde Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum bilen badalga berildi. Ýaryşyň dowamynda tälimçileriň we eminleriň halkara okuw maslahatlary hem geçirildi. Bu ýaryş sportuň bu görnüşiniň ösmegine, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly goşant goşar. Şeýle hem bäsleşik türkmen sportunyň täze derejelere çykýandygynyň, zehinli ýaş türgenleriň kemala gelýändiginiň, ýaşlaryň sport bilen gyzyklanmalarynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Maksat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygy.