«Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň deňiz portunda saparda boldular

22 Aprel 2024
392

Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleridr kuwwatlylygy, şeýle hem infrastrukturasy, tehniki enjamlary we gelejegi babatda ösüşleriniň ugulary bilen tanyşdylar.