Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň durmuşyndan

21 Aprel 2024
390

16-njy aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplar, hususan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy