Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldular

21 Aprel 2024
446

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda milli önüm öndürijilerimiziň hem sany artyp, importyň ornuny tutýan önümleriň dürli görnüşleri ýurdumyzda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilip başlandy. Söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmakda, eksportyň möçberini artdyrmakda hem-de bu ugurda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmekde netijeli işler durmuşa geçirilip, halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy dünýäniň ençeme döwletleriniň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede alyp barýar. Olaryň biri hem, Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga hem-de 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu gazanylan ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde yzygiderli okuw sapaklary guralyp, netijeli duşuşyklar geçirilýär.

Hanmamed ORAZMAMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Arkadag şäheriniň gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.