Türkmen paromy rus portunda düşledi

21 Aprel 2024
320

10-njy aprelde «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy 2024-nji ýyldaky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Oňa azyk tirkegli awtoulaglaryň 40-sy ýüklenildi.

«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň gämileri çalt zaýalanýan harytlary gysga wagtynyň dowamynda eltip bermek mümkinçiligine eýedir. «Bagtyýar» paromy ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Taýýarlan: Täçmyrat Allaberdiýew,
TDBGI-niň talyby.