Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «TRACECA» Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşyk geçirdi - diýip, TDIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.