Ýüpekçilikde jogapkärli möwsüm

18 Aprel 2024
630

Şu günler ýürekçilikde jogapkärli möwsüm bolan ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmek işi Gökdepe etrabynda guramaçylykly barýar. Etrabyň ýüpekçileri özlerine paýlanan 657 guty ýüpek gurçugyna degişli talaplara laýyklykda ideg edýärler. Bu işe her bir ýüpekçi-kärendeçi tutanýerli we yhlasly çemeleşýär.

Ýüpekçi-kärendeçileriň arasynda ýaşlaryň hem bolmagy diýseň begendirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri şeýle ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýärler. Bu bolsa ýüpekçileriň işe höwesini artdyryp, piläniň ýokary hasylyny taýýarlamaga ruhlandyrýar.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.