Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

18 Aprel 2024
513

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew, ulag boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, Topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary(UNDESA) Li Szýunhua, BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Žan Todt, Durnukly pes uglerodly ulag boýunça SLOCAT hyzmatdaşlygynyň Baş sekretary Maruşa Kardama, Türk maýa goýum gaznasynyň prezidenti Bagdad Amreýew, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Konsultatiw geňeşiniň başlygy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň hormatly başlygy Martin Marmi, Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag babatyndaky kararnamalarynyň awtordaşlarynyň hataryndan Hemişelik Wekilhanalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we akademiki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.